Binaly Ýyldyrym Haýdar Al Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki lider sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy

815830
Binaly Ýyldyrym Haýdar Al Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr  Binaly Ýyldyrym Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň duşenbe güni geçiren bikanun garaşsyzlyk referendumy meselesi hem gün tertibine getirildi.

 



Degişli Habarlar