Awgust aýynyň 7-14-i aralygynda terror guramalaryna garşy 1201 operasiýa guraldy

Terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada soňky 1 hepde-de 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

789344
Awgust aýynyň 7-14-i aralygynda terror guramalaryna garşy 1201 operasiýa guraldy

Içeri işler ministrliginden berlen beýanatda awgust aýynyn 7-14-i aralygynda terror guramasyna garşy 1201 operasiýa guraldy.

Operasiýalarda 28 terrorçy öli ýagdaýda, 1 terrorçy bolsa sag ele salyndy, 14 terrorçy hem boýun egdi.

Operasiýalarda mundan başgada terror guramasyna goldaw berýän 319 adam göz tussaglygyna alyndy.

Operasiýalarda şeýle hem DAIŞ bilen arabaglanşykly 87, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly 267, çepçi terror guramasy bilen arabaglanşykly 3 adam göz tussaglygyna alyndy.

Operasiýalarda kiber jenaýatlar sebäpli 152, neşe söwdasyna garşy göreşde bolsa 2511 adam tussag edildi.

 

 



Degişli Habarlar