Daşary işler minstri Hytaýda saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň hem öz sebitinde hem-de halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin gözlegdedigini belledi

783071
Daşary işler minstri Hytaýda saparda bolýar

Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Hytaý Halk Respublikasy Daşary işler ministrleriniň maslahatlaşma mehanizmasynyň 2-nji maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatdan soň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi bilen duşuşan Çawuşogly Türkiýäniň ähli halkara guramalar bilen gowy gatnaşyklar saklamagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Wang Ýi bilen geçiren metbugat ýygnagynda Mewlüt Çawuşogly Hytaý saparyndan soň Filippinleriň paýtagty Marina şäherinde Günorta-gündogar Aziýa ýurtlary Bileleşigi ASEAN-a gatnaşjakdygyny belläp: “Hytaý Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza bir ýurt we bizem bu gurama bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin Hytaý we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyklar edýäris we ähli bu syýasatlarymyzyň biri-birine alternatiwa hökmünde garamaýarys, gaýtam tersine berkitjekdigine ynanýarys” diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň Bir Hytaý syýasatyna iň uly goldaw berýän ýurtlardan biridigini aýdyp: “Hytaýyň howpsyzlygyny öz howpsyzlygymyz ýaly görýäris. Hem ýurdumyzda hem-de sebitimizde Hytaýa garşy hiç hili herekede rugsat bermeris” diýdi.

Türkiýäniň we Hytaýyň arasynda howpsyzlyk babatynda hyzmatdaşlygyň barha artyp dowam edýändigini we etjekdigini aýdan ministr Çawuşogly: “Söwda gatnaşyklarymyzy artdyrmakda tutanýerlidiris. Harytlaryň tapawutlandyrylmagy babatyndaky işlerimizem dowam edýär. Türkiýeden Hytaýa başda oba-hojalyk önümleri bolmak bilen eksportymyz gün-saýyn artýar” diýdi.

Bilim we medeniýet ugurlarynda hem hyzmatdaşlygyň artýandygyny we şonuň bilen birlikde syýahatçylyk pudagynda hem hyzmatdaşlygyň artjakdygyny bellän Çawoşogly: “Hytaýly syýahatçylaryň sanynyň artmagyny umyt edýäris. Her ýyl daşary ýurda çykýan 100 million syýahatçynyň 3 millionynyň Türkiýä gelmegine garaşýarys” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly Hytaýda 2018-nji ýylyň “Türkiýe syýahatçylyk ýyly” hökmünde yglan edilendigini ýatladyp, şol çäkde 2018-nji ýylyň taýarlyklarynyň bilelikde alynyp barylýandygyny mälim etdi.

Çawuşogly mundan başgada bilim ugrunda umumy uniwersitet gurmak üçin işe girişilendigini aýdyp, wiza babatyndaky garaýyşlaryny Hytaýyň Daşary işler ministri Wanga ýetirendigini, bu babatda umumy ädimleriň ediljekdigini habar berdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpingiň Türkiýede saparda bolmagyndan hoşal boljakdyklaryny aýdan Çawuşogly kärdeşi Wangyň hem Türkiýä sapar guramagyna hoşallyk bildirjekdiklerini belledi.



Degişli Habarlar