Türkiýe ynsanperwer kömegini bermek taýdan dünýäde 2-nji orny eýeleýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Stambulda İbn Haldun uniwersiteti tarapyndan geçirlen “Gelejegim Sosial bilimler” maslahatyna gatnaşdy

773008
Türkiýe ynsanperwer kömegini bermek taýdan dünýäde 2-nji orny eýeleýär

Maslahatda ýaşlara ýüzlenip çykyş eden Çawuşogly Türkiýäniň beren ynsanperwer kömekleri hakynda maglumat berdi.

Türkiýäniň ynsanperwer kömegini bermek taýdan ABŞ-dan soň 2-nji orny eýeleýändigini aýdan Çawuşogly “ ABŞ geçen ýyl 6,3 milliard dollarlyk ynsanperwer kömegini berdi. Türkiýäniň beren ynsanperwer kömeginiň mukdary bolsa 6 milliard dollar. Üstümizdäki ýyl ABŞ-dan geçeris”diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň milli girdejä görä beren ynsanperwer kömegi taýdan bolsa 1-nji orny eýeleýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar