Fikri Yşyk Jeýms Mattis bilen duşuşar

Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşyk NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň gatnaşmagynda Brýusselde geçiriljek maslahatda ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mattis bilen duşuşar

760150
Fikri Yşyk Jeýms Mattis bilen duşuşar

Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä Fikri Yşyk 29-njy iýunda geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin ertir Brýussele gider.

Yşyk ABŞ-nyň Goranmak ministr Mattis, Makedoniýanyň Goranmak ministri Radmila Şekerinska-Ýankowska, Awstraliýanyň Goranmak ministri Marise Paýne we Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula Won Der Leýen bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.

Fikri Yşygyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak ministri Jeýms Mattis bilen duşuşygy ertir geçer.



Degişli Habarlar