Antalýada 62 siriýaly tussag edildi

Antalýanyň Manawgat etrabynda myhmanhanalaryň birinde geçirilen operasiýada 62 siriýaly gaçgak tussag edildi

749222
Antalýada 62 siriýaly tussag edildi

Maglumat alan žandarma güýçleri Manawgat etrabyndaky myhmanhanalaryň birinde operasiýa geçirdi.

Žandarma güýçleri myhmanhada 42-si erkek, 13-i zenan, 7-si çaga jemi 62 siriýalyny tussag etdiler.

Ýeke-ýeke soraga çekilen siriýaly bosgunlar Kipriň Grek bölegine gitmek üçin garaşýandyklaryny habar berdiler.

Bosgunlar takmynan 12 sagat dowam eden sorag-jogap işlerinden soň Mersine iberildiler.

Myhmanhananyň dolandyryjysy we bikanun geçişi guramak islän siriýaly 2 adam tussag edildi.



Degişli Habarlar