Prezident Erdogan Katar bilen harby hyzmatdaşlyk etmek baradaky 2 kanuny tassyklady

Bu barada Prezidentiň Diwanyndan beýannama berildi

748943
Prezident Erdogan Katar bilen harby hyzmatdaşlyk etmek baradaky 2 kanuny tassyklady

Prezidentiň Diwanyndan berilen ýazmaça beýannamada şol kanunlaryň iki ýurduň arasynda gazanylan “Žandarm güýçlerine tälim bermek barada hyzmatdaşlyk etmek” we “Kataryň çäklerinde türk harby güýçleriniň ornaşdyrylmagy” baradaky ylalaşyklardygy ýatladylýar.

Kanuna laýyklykda 5 müňden gowrak türk harby güýçleri Katara ornaşdyrylar.

İki ýurt şol çäkde;

  • İçerki howpsyzlyk boýunça okuw-seminarlary, kontrabanda we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş boýunça okuw tälimi, jemgyýetçilik wakalaryna garşy göreş boýunça okuw tälimi, harby güýçlere boýunça okuw tälimi  we mobil tälim beriş toparynyň döredilmegi,
  • Taraplaryň mekdeplerde, tälim merkezlerinde we harby toparlarda iki taraply okuwlaryň geçirilmegi,
  • Tälimde peýdalanylan enjamlar we okuw esbaplarynyň kämilleşdirilmeginde iki taraply arkalaşyk etmek,
  • Degişli ugurlarda tejribe we maglumat alyşmak, tehnologik taýdan hyzmatdaşlyk etmek,
  • Okuw seminarlary we tehniki-logistiki ugurlarda maglumat we tejribe alyşmak boýunça “geňeşdarlyk hyzmatlarynyň” üpjün edilmedi,
  • Baş ştaba degişli tälim beriş merkezlerinde tälim, okuw we kurs geçmek üçin hünärmenleriň ugradylmagy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler.


Degişli Habarlar