TRT-den hormatly dynç alyşa çykan terjimeçi-diktor Osman Erkan wepat boldy
1980-nji ýylda TRT-de işe başlan Osman Erkan uzak ýyllaryň dowamynda TRT-niň Daşary ýurt diller departamentinde işledi
725240
Türkiýäniň Sesi Radiosynda işlän Erkan daşary ýurtlarda TRT-äni diňleýänleriň ýakyndan tanaýan seslerinden biridi.
Osman Erkan alyp baran habarlar gepleşikleri bilen birlikde terjime eden ençeme gepleşiklerini we dokumental filmi seslendirdi.
TRT 2 kanalynda-da uzak ýyllaryň dowamynda iňlis dilindäki habarlary alyp baran Erkan 30 ýyldan gowrak iş durmuşyndan soň iňlisçe redaksiýasynyň redaktoryka 2014-nji ýylda hormatly dynç alyşa çykdy.
69 ýaşynda dünýeden öten Erkan 4-nji maýda günorta namazyndan soň okaljak jynaza namazynyň yzy süre Stambulyň Zinjirlikuýu gonamçylygynda jaýlanar.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan Italiýa Bardy
Italiýanyň Premýer-ministri Meloni sammite gelen liderleri ýeke-ýekeden garşylady.