Şu gün 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni…

Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni dürli-dürli çäreler bilen bellenilip geçilýär

723346
Şu gün 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni…

DISK, KESK, Türk Hekimler Bileleşigi we Türk Arhitektorlar Inženerler Bileleşigi bilen käbir partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri Stambul şäheriniň Bakyrköý etrabynda çäre geçirýärler.

30 müňden gowrak polisiýa işgäriniň iş alyp barjak şäherde käbir gatnawlar goý bolsun edildi we käbir ýollar ýapyldy.

Döwlediň ýokary derejeli ýolbaşçylary 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni mynasybetli gutlag ýüzlenmelrini çap etdiler.

Prezident R.T. Erdogan gutlag ýüzlenmesinde 1-nji maýyň parahatçylygyň we raýdaşlygyň baýramydygyny, meçewlerden uzak bir baýramyň gutlanmagyny dileg edýändigini belledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym: “Iş dünýäsindäki meseleleriň diýalog we ylalaşykda çözülmegi bilen ýurdumyzdaky demokratik ynamyň we asudalygyň has hem güýçlenjekdigine ýürekden ynanýaryn” diýdi.

Iş we sosial üpjünçilik ministri Mehmet Müezzinogly bolsa gutlag ýüzlenmesinde: “Adalatly, gatnaşykda, ylalaşykda we höweslendirip zähmetkeş doganlarymyzyň altyn derini we kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketlerini goldamak ugrunda tutanýerlilik bilen ýolumyzy dowam etdirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar