Binali Ýyldyrym: “Ýewropa öz gymmatlyklaryny ýok edýär”

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Çankaýa köşgünde Bloomberg TV kanalyna interwýu berdi

719948
Binali Ýyldyrym: “Ýewropa öz gymmatlyklaryny ýok edýär”

Ýewropa Bileleşigini Türkiýäniň agzalygy babatynda akýüreklilige çagyran Binali Ýyldyrym: “Ilki bilen olar maksatlaryny kesgitlesinler. Türkiýe bilen dowam ederlermi ýa-da etmezlermi? Muny aýdyň ýagdaýda orta goýsynlar. Şol karary göreliň, ine şondan soň biz ýörelgämizi kesgitläris” diýdi.

Ýewropadan wagtal-wagtal Ýewropa gymmatlyklary ýaly sözleri eşidýändiklerini aýdan Ýyldyrym: “Aýdýan iki sözüniň biri Ýewropa gymmatlyklary. Onyňyza düşündik welin, Ýewropa gymmatlyklaryny ýok eden siz. Geçen referendumda Ýewropanyň gymmatlyklaryna eýe çykanyňyzy görmedik” diýdi.

Ýewropanyň bir zady saýlamagynyň zerurdygyny aýdan Binali Ýyldyrym: “Biz häzirki wagtda ÝB-niň beren sözüniň arkasynda duryp-durmaýandygyny görýäris. Şoňa seredýäris” diýdi.

Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň hem üstünde duryp geçen Ýyldyrym: “ABŞ-nyň täze hökümetiniň ozalky hökümediň eden ýalňyşlaryny etmezligini tama edýäris” diýdi.

Milli Gazna barada bolsa Binali Ýyldyrym Milli Gaznanyň maksadynyň Türkiýäniň esasan hem uzak möhletli taslamalara býujede el degirmän goldaw bermekdigini we döwlediň elindäki baýlyklary has netijeli ýagdaýda dolandyrmakdygyny belledi.

2017-nji ýylda 4,4 göterim ösüş etmegi maksat edinýädiklerini we şol maksada ýetjekdiklerini aýdan Ýyldyrym has hem köp daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýä geljekdigini habar berdi.

Iş orunlarynyň artdyryljakdygyny we iş kanunynyň üstünde işlenjekdigini aýdan Binali Ýyldyrym hem işleýänler hem-de iş berýänler bilen baglanşykly täze düzgünleriň giriziljekdigini mälim etdi.

Infrastruktura bilen bagly maýa goýumlaryň artdyryljakdygyna aýdan Binali Ýyldyrym: “Türkiýe şu ýyl we öňümizdäki ýyl demir ýollara has köp maýa goýar. Öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda 100 milliard lira golaý maýa goýarys” diýdi.



Degişli Habarlar