Yşyk: “Russiýadan S-400 goranyş ulgamynyň alynmagy üçin taýarlyklar dowam edýär”

Milli goranmak ministri Fikri Yşyk Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamynyn alynmagy üçin taýarlyklaryň tamamlanyp barýandygyny aýtdy

717878

Ministr Yşyk iki ýurt tarapyndan hem edilmeli, ýerine ýetirilmeli proseduralaryň bardygyny mälim etdi.

Fikri Yşyk Ankarada žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Yşyk; “Türkiýä raketa goranyş ulgamynyň gerekdigi mälim. Emma NATO agza ýurtlar Türkiýä özüne çekiji teklip hödürlemedi, tehnologiýanyň tranfer edilmegini we bilelikde öndürmegi hem kabul etmediler” diýip, rus bazaryna gönükmegiň sebäplerini gürrüň berdi.

Rus S-400 goranyş ulgamynyň NATO-nyň ulgamyna utgaşdyrylyp bilinmejekdigini bilýändiklerini aýdan ministr Yşyk; “Biziň NATO hiç hili talabymyz ýok. Emma NATO hem bu meselä düşünjelilik bilen çemeleşmeli. Ýagny siz hem tehnologiýa bermeýäňiz, hem amatly teklip hödürlemeýäňiz. Beýleki tarapdan NATO-nyň daşyndan alman diýmäge hakyňyz ýok” diýdi.

Fikri Yşyk Türkiýäniň esasy maksadynyň öz uzak aralykly howa goranyş we raketa ulgamyny öndürmekdigini, bu ugurda işe girişilendigini aýtdy.

Degişli Habarlar