Ýyldyrym; “Terror guramalaryna garşy göreşimiz egilşiksiz dowam eder”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ýurduň bitewiligine we cebisligine kast edýän ähli terror guramalaryna garşy göreşiň egilşiksiz dowam etcekdigini aýtdy

718017
Ýyldyrym; “Terror guramalaryna garşy göreşimiz egilşiksiz dowam eder”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ýurduň bitewiligine we cebisligine kast edýän ähli terror guramalaryna garşy göreşiň egilşiksiz dowam etcekdigini aýtdy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ankarada žurnalistleriň soraglaryna cogap berdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym terrorçylyga garşy göreş barada beren beýannamasynda; “Çukurcada gynansagam barlaglaryň dowamynda iki ýefreýterimiz şehit boldy we dessine degişli çäre görüldi. Şol ýerdäki terror öýcükleri derbi-dagyn edildi. Bu göreş dowam eder. Türkiýäniň serhetleriniň daşynda-da howp abanan halatynda, şol howp kimden abansa abansyn Türkiýe olara degişli cogaby berer” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym; “Ýurdumyzyň bitewiligine we cebisligine kast edýän ähli terror guramalaryna garşy göreş egilşiksiz dowam edýär” diýdi.

Premýer ministr žurnalistlerin DAİŞ-e garşy göreşde selcerilýän meselelerden biri bolan Rakka operasiýa baradaky soraglaryna şeýle cogap berdi: “Bu göreş dowam eder. Türkiýänin serhetleriniň daşynda-da howp dowam etdigi saýyn oňa degişli cogaby berer. Esasy zat ýurdumyzyň howpsuzlygy. Türkiýe onuň hötdesinden gelcek güýce eýe. DAİŞ-e garşy göreşde ABŞ bilen edilcek hyzmatdaşlyk boýunça Türkiýäniň şertleri belli. Prezidentimiz maý aýynyň 16-17-si aralygynda Tramp bilen duşuşar we şoňa laýyklykda hereket ediler” diýdi.

 



Degişli Habarlar