Ýyldyrym: “2019-njy ýyla çenli Türkiýede saýlaw ýok”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň gün tertibinde 2019-njy ýyla çenli saýlawyň bolmandygyny aýtdy

716271
Ýyldyrym: “2019-njy ýyla çenli Türkiýede saýlaw ýok”

Adalat we ösüş partiýasyyň Başlygy we Premýer ministr Binali Ýyldyrym partiýasynyň Welaýat ýolbaşçylarynyň 116-njy maslahatynda çykyş etdi.

Ýekşenbe güni geçirilen referendumy analiz eden Ýyldyrym; “Gündogar we Günorta-gündogar Anadolydan gelen “kabul” seslerindäki möhüm artyş sebitiň terror guramalarynyň çağyryşlaryna gulak asmandygyny aç-açan görkezýär. Raýatlarymyz jebisligi, agzybirligi, doğanlyğy bilelikde Türkiýe bolmagy saýladyr. Bu oňyn çemeleşme we düşünjelilik üçin aýratyn sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Ýyldyrym; “Türkiýede aç-açan şertlerde geçirilen, çäksiz propoganda giňişligi döredilen we içerden hem-de daşardan bütin dünýäniň syn eden, tarap tatan referendumynyň netijesini hemmeler kabul etmäge mejbur” diýdi.

Ýyldyrym ýurduň ykdysadyýetini hasam ösdürmek, maýa goýumlarynyň depginini güýçlendirmek, özgertmeleri iş ýüzüne geçirmek ýaly etmeli işin köpdügini aýtdy.

Ýyldyrym; “Ýokary Saýlaw Geňeşiniň saýlaw baradaky kararynyň resmi taýdan yglan edilip, resmi gazetde çap edilmeginden soň Prezidentimiziň Ak partiýa dolanyp gelmeginiň öňündäki konstitutsion bökdençlik dolulygyna ortadan aýrylýar. Partiýamyzyň esaslandyryjysy, liderimiz we Prezidentimiz R.T.Erdoganyň partiýamyzyň hataryna goşulmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.

Ýyldyrym 2019-njy ýylda iki saýlaw bar. Biri 2019-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda ýerli saýlawlar. Beýlekisi 2019-njy ýylyň 3-nji noýabrynda eden konstitutsion özgertmämize görä birleşdirilen parlament we prezident saýlawlary geçiriler. Bulardan başga Türkiýäniň gün tertibinde haýsydyr bir saýlaw ýok” diýdi.



Degişli Habarlar