Binali Ýyldyrym Izmirde halka ýüzlendi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym şu hepdäniň ýekşenbe güni geçiriljekreferendumda türk milletiniň huntaçylara iň gowy jogaby berjekdigini belledi

711278
Binali Ýyldyrym Izmirde halka ýüzlendi

Premýer ministr Ýyldyrym: "15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygy häzirki ulgamyň näsazdygyny görkezdi" diýdi.

Binali Ýyldyrym Izmirde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ýyldyrym maslahatda terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini habar berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym: "Kürtleriňem, türkleriňem meselesi PKK-dyr, aýralykçy terror guramasydyr. Biziň wezipämiz aradan bu aýralykçylary aýyrmak, milleti jebisleşdirmek. Gündogar bilen Günbatary birikdirmek" diýdi.

 



Degişli Habarlar