Ýyldyrym Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Ahmed Jabir Al Sabah bilen duşuşdy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Türkiýä gelen Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Ahmed Jabir Al Sabah bilen duşuşdy

696174
Ýyldyrym  Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Ahmed Jabir Al Sabah bilen duşuşdy

Metbugata ýapyk häsiýetde geçen duşuşyk 1,5 sagat dowam etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda söwdadan medeniýete, syýahatçylykdan goranyş senagatyna çenli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.

Premýer ministr Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ä garşy göreş meselesinde Kuweýdiň berýän goldawy sebäpli Al Sabaha öz minnetdarlygyny bildirdi.

Al Sabah hem sebitde uly rol oýnaýan Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini isleýändiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar