PKK-lylar Hakkaride Ak partiýanyň wekili Taýfun Aýhanyň agasyny öldürdiler

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda guralan hüjümde agyr ýaralanan Adalat we ösüş partiýasynyň Esendere etrapçasynyň başlygy Taýfun Aýhanyň agasy Murat Aýhan hassahanada ýogaldy

688507
PKK-lylar Hakkaride Ak partiýanyň wekili Taýfun Aýhanyň agasyny öldürdiler

Ýüksekowa etrabynyň merkezinde jigisi Ak partiýanyň Esendere etrapçasynyň başlygy Taýfun Aýhan bilen ýöräp barýarka terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň od açmagy netijesinde agyr ýaralanan we Hakkari döwlet hassahanasyna alynyp gidilen Murat Aýhany halas edip bolmady.

Hüjümde ýeňil ýagdaýda ýaralanan Taýfun Aýhan bolsa bejergiden soň öýüne iberildi.

Hassahana gelen welaýat häkimi Jüneýit Orhan Toprak resmilerden maglumat aldy.

Beýleki tarapdan bolsa Ýüksekowa etrabynyň merkezinde hüjümi guran terrorçylaryň tussag edilmegi üçin başladylan operasiýa dowam edýär.



Degişli Habarlar