Prezident Erdogan Russiýa sapar gurar

Erdogan Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşar

678625
Prezident Erdogan Russiýa sapar gurar

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Eýranyň Türkiýäni tankyt etmegiň ýerine takdyr etmelidigini aýtdy.

Ibrahim Kalyn Prezidentiň kompleksinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Eýranyň Türkiýäniň ýakyn goňşusydygyny aýdan Kalyn, Eýran bilen iki taraply gatnaşyk edýändiklerini we sebitara meseleleriň çözülmegi üçin gepleşik geçirýändiklerini ýatlatdy.

Ibrahim Kalyn Prezident R. T. Erdoganyň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin mart aýyň başynda Moskwa sapar gurajakdygyny aýtdy.

Kalyn Prezident Erdoganyň Russiýa gurajak saparynyň çäginde Siriýa, terrora garşy göreş we embargolaryň ortadan aýrylmagy ýaly meseleleriň gün tertibine getiriljekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar