Soýlu: “Türkiýe terrory ýok eder”

İçeri işler ministri Süleýman Soýlu Türkiýäniň terrory dolulygyna ýok etjekdigini aýtdy

643438
Soýlu: “Türkiýe terrory ýok eder”

Mejlisde soňky günlerde başdan geçirilen wakalar we içerki howpsyzlyk barada maglumat beren Soýlu, Türkiýäniň serhetde howpsyzlyk diwaryny çekmäge dowam edýändigini, terror guramasyny ýakyndan yzarlap, degişli çäreleri görýändigini mälim etdi.

20-nji martda işe kabul edilen polis gullukçylarynyň işe başlajakdygyny, goragçylaryň ortaça ýaşyny 32-ä düşürmegi meýilleşdirýändiklerini aýdan ministr Soýlu: “Soňky iki aýda guramanyň hataryna diňe 5 adam goşuldy. DAİŞ-e garşy möhüm çäreler görüldi” diýdi.

Türkiýäniň terrory ýok etjekdigini nygtan ministr Soýlu: “Terror diňe bir ýere ýüzlenme ugratmaýar. Bütin adamzat berk pozisiýa eýelemeli. Ähli şertlerimizden peýdalanyp, terrory dolulygyna ýok ederis. Terrorçylyga garşy göreşde hem terrory dolulygyna ýok etmek üçin elimizden geleni edýäris. Terror biziň agzybirligimize, jebisligimize garşydyr” diýdi.



Degişli Habarlar