Hyýanatçylykly hüjümde 38 adam şehit boldy

Hüjümde 155 adam ýaralandy

627897
Hyýanatçylykly hüjümde 38 adam şehit boldy

Stambulda howpsyzlyk güýçlerini nyşana alan 2 terrorçylykly hüjümde 7-si asuda ilatdan 30-y howpsyzlyk güýçlerinden we şahsyýeti näbelli bolan 1 adam bolmak bilen jemi 38 adam şehit boldy.

Hyýanatçylykly hüjümde 155 adam ýaralandy.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş düýn agsam Stambulda futbol bolan bäsleşigindenden soň terrorçylaryň howpsyzlyk güýçlerini nyşana alandygyny aýtdy.

İlkinji hüjümde bombaly ulagyň ýarylandygyny, 45 sekunt soň bolsa bombaçynyň bedenindäki bombalary ýarandygyny ýatlatdy.

İçeri işler ministri Süleýman Soýlu bolsa Stambuldaky hüjümiň terrora garşy alnyp barylýan göreşiň öňüni almak maksady bilen guralandygyny aýtdy.

Ministr Soýlu hüjüm bilen arabaglanşykly 13 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny belledi.

Ministr Soýlu hassanalarda jemi 155 adamyň bejergisiniň dowam edýändigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar