Yşyk: “FETÖ agza hünärmenleriň başpena islegleri kabul edilmeli däl”

Goranmak ministri Fikri Yşyk NATO-da işlän Fetullahçy terror guramasyna agza işgärleriň ýerleşýän ýurtlaryndaky başpena islegleriniň kabul edilmeli däldigini aýtdy

614948
Yşyk: “FETÖ agza hünärmenleriň başpena islegleri kabul edilmeli däl”

Fikri Yşyk Stambulda NATO-nyň Parlamentar Assambleýasynyň 62-nji sessiýasyna gatnaşan NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

NATO-da işlän FETÖ agzalarynyň günbatar ýurtlaryndan başpena islegi barada durup geçen ministr Yşyk, FETÖ-çilere oňyn jogap berilmeginiň Türkiýe üçin kabul edilmesizdigini, Türkiýäniň bu meselä bolan çemeleşmesine dogry düşünilmelidigini aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bolsa Türkiýä düşünýändiklerini nygtap: “15-nji iýyldaky agdarlyşyk synanşygynyň çynlakaýlygyny we wehimligini Mejlise baramdan gördüm we bu meselede men Türkiýäniň ýanynda” diýdi.

Duşuşykda NATO-nyň çäginde Türkiýäniň goranyş boýunça edýän başlangyçlary bilen Egeý deňizindäki bosgun akymlarynyň öňüniň alynmagy baradaky çärelere garaldy.

Stoltenberg Egeý deňizinde türk esgerleriniň bosgunlar boýunça netijeli işleri barada öwgüli sözler aýtdy.



Degişli Habarlar