Erdogan: “Esasy meselämiz özümizi düşündirip bilmezlik”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň esasy meselesiniň özüni düşündirip bilmezlik bolandygyny aýtdy

609856
Erdogan: “Esasy meselämiz özümizi düşündirip bilmezlik”

“Onuň esasy sebäbi Türkiýäniň eýe bolan taýsyz özboluşlyklarydyr” diýen Erdogan: “Dünýäde başga haýsy ýurt şunça mesele bilen şeýle uly ykdysady güýç bolup biler, bilip bilemok” diýdi.

Prezident Erdogan Stambulda Tuzla-Sedef gämi gurluşyk werfindäki dabarada: “Terror guramalarynyň aksiýalary diňe bir aksiýanyň guralan ýerinde, pursadynda netijesini görkezer. Ondan başga gynanjymyzy, gahar-gazabymyzy artdyrar, emma işlerimize asla zyýan ýetirmez” diýmek bilen: “Türkiýe özüne ynananlaryň, maýa goýýanlaryň tamasyny puja çykarmady, çykarmazam. Halkara maýadarlarynyň esasy bölegi bu hakykaty görýändigi üçin ýurdumyza goýýan maýa goýumlaryny dowam etdirýärler. İşewür adamlaryna maýa goýumlaryňyzy gaýra goýmaň, giç galarsyňyz, puşman bolarsyňyz diýesim gelýär. Geliň maýa goýumlarynyň depginini güýçlendireliň” diýdi.

Tuzla-Sedef gämi gurluşyk werfinde gurluşygy tamamlanan 4 gämiden ikisiniň İndoneziýada, birisinin Gwineýada, birinin bolsa Mýanmada elektrik toguny öndürip, şol ýurtlaryň energetika islegleriniň kanagatlandyrylmagyna goşant goşjakdygyny nygtan Prezident Erdogan, bogazyň aşagynda gurulýan Ýewraziýa tuneliniň 20-nji dekabrda açyljakdygyny buşlady.

İki gatly tunelde indi ulaglaryň Aziýadan Ýewropa, Ýewropadan Aziýa geçjekdigini aýdan Erdogan, dünýädäki iň uly howa menziliniň birinji bölüminiň 2018-nji ýylda açyljakdygyny nygtady.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa Tuzla-Sedef gämi gurluşyk werfindäki gämileri ugradyş dabarasynda sözlän sözünde terrorçylyga garşy göreşiň egilşiksiz dowam edýändigini aýtdy.

“Çöregimizi paýlaşarys, emma ýurdy böldürmeris” diýen Ýyldyrym, terrorçylyga garşy göreşiň depgininiň gowşadylman dowam etdiriljekdigini nygtady.

2016-njy ýylda deňiz ýoly bilen gatnadylan ulag sanynyň 330 müňe barabardygyny aýdan Premýer ministr: “Şu günki günde Türkiýe 185 müň deňizçini ýetişdirdi. Ýetirişdirilen deňizçiler taýdan dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldyk, Hytaýdan soň ikinji ýeri eýeleýäris” diýdi.

Dabarada geljek ýyl tamamlanmagy meýilleşdirilýän 14 sany energiýa öndüriji gäminiň gurluşygyna-da badalga berildi.



Degişli Habarlar