Bombanyň partlamagy netijesinde 1 çaga ýogaldy
Wakada şeýle hem 2 çaga ýaralandy
![Bombanyň partlamagy netijesinde 1 çaga ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/e352/2807/cd52/57fd23b798e8e.jpg?time=1718777330)
Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda çagalaryň boş meýdanda tapan jisiminiň ellerinde partlamagy netijesinde 1 çaga ýogaldy, 2 çaga ýaralandy.
Etrapda terrorçylykly hüjümleriň netijesinde zeper ýeten mekdebiň golaýynda boş meýdanda oýnaýan çagalar bir jisim tapdylar.
Çagalaryň tarapyndan tapylan gorjalanmagy sebäpli partlady. Wakada 2-siniň ýagdaýy agyr bolan 3 çaga ýaralandy.
Ýaralanan çagalar Ýüksekowa döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.
Partlamada agyr ýaralanan 11 ýaşly Umut Aýwalyk ähli edilen tagallalara garamazdan halas edilip bilnmedi we ýogaldy.
Agyr ýaralanan Hakan Aýwalyk bolsa Wan welaýatyna iberildi.
Polisiýa gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerinde derňew geçirdiler.
Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.
Degişli Habarlar
![Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e0cb/10b5/a712/66713b2bde92e.jpg?time=1718777330)
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi