Prezident Erdogan Britaniýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Ýohnsony kabul etdi

578200
Prezident Erdogan Britaniýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Prezident kompleksinde metbugata ýapyk ýagdaýda geçirilen kabul edilşik 50 minut dowam etdi.

Ýohnson ondan soň bolsa Premýer ministr Binali Ýyldyrym tarapyndan kabul edildi.

Alynan maglumata görä Çankaýa köşgünde geçirilen kabul edilşikde Ýyldyrym Britaniýanyň Türkiýäniň wajyp hyzmatdaşlaryndan biridigini aýtdy.

Binali Ýyldyrym hem Daşary işler ministrine hem-de Britaniýanyň hökümetine Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň ugrukdyrmagy bilen 15-nji iýulda bolan agdarlyşyk synanşygyndan soň beren goldawyna hoşallyk bildirdi.

Britaniýanyň ÝB-den jogapkär Daşary işler ministriniň orunbasary Alan Dunkanyň agdarlyşyk synanyşygynyň ertesi güni Türkiýä sapar guramagynyň möhüm bir wakadygyny bellän Ýyldyrym Türkiýäniň Britaniýa bilen ähli ugurlarda gatnaşyklaryny ösdürmek we ýokary derejeli diýalogy dowam etdiräme ähmiýet berýändigini habar berdi.

Daşary işler ministri Ýohnson hem duşuşykda Britaniýanyň Türkiýäniň iň möhüm hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar