Türkiýe bilen Ysraýyl Mawy Marmara babatynda ylalaşdylar

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda 2010-njy ýylda bolup geçen Mawy Marmara hadysasy bilen baglanşykly kompensasiýa bermek baradaky şertnama resmi gazetde çap edildi

568267
Türkiýe bilen Ysraýyl Mawy Marmara babatynda ylalaşdylar

Ylalaşyga laýyklykda Ysraýyl wakada ýogalan adamlaryň maşgalalaryna 20 million dollar kompensasiýa tölär.

25 günüň dowamynda beriljek kompensasiýany türk resmiler gowşurar.

Ylalaşyga laýyklykda Mawy Marmara wakasyna gatnaşan ysraýyllylar hukuky jogapkärçilikden azat bolarlar.

2010-njy ýylyň 31-nji martynda Gaza ynsanperwer kömek alyp barýan 6 gämi halkara suw giňişliginde Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan saklandy. Saklanma wakasynda Türkiýäniň 9 raýaty ýogaldy, gämidäki onlarça aktiwist ýaralandy.



Degişli Habarlar