"PKK-nyň hüjümleriniň arkasynda FETÖ bar"

Prezident Erdogan Yslam dünýäsiniň jemgyýetçilik guramalary bileleşiginiň agzalaryny kabul etdi

554951
"PKK-nyň hüjümleriniň arkasynda  FETÖ  bar"

Prezident R. T. Erdogan terror guramasy PKK-nyň hüjümleriniň arkasynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-nyň bardygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Yslam dünýäsiniň jemgyýetçilik guramalary bileleşiginiň agzalaryny kabul etdi.

Kabul edilşikde 3 polis gullukçysynyň şehit bolmagyna we 170 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Elazygdaky terrorçylykly hüjüme ünsi çeken Prezident Erdogan, hüjümiň gan dökümek, ýurduň jebisligini we bitewiligini bozmak maksady bilen guralandygyny aýtdy.

Türkiýäniň atlary tapawutly bolsada biri-biri bilen ýakyndan arabaglanşykly terror guramalarynyň hüjümine sezewar bolýandygyny aýdan Prezident Erdogan, soňky günlerde başdan geçirilýän terrorçylykly wakalaryň, türk halkynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň dowam etdiren 20 günlük demokratiýa nobatyna garşy guralandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan FETÖ bilen PKK-nyň, DAEŞ bilen şol guramalaryň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdygyny we olaryň şol bir maksada eýediklerinini terrorçylykly hüjümleriň açyk aýdyň görkezýändigini nygtady.

Günbatarly ýurtlaryň FETÖ-nyň agdarlyşyk synanşygy hakyndaky tutumyny hem tankyt eden Erdogan döwletiň FETÖ-nyň agzalaryndan kanunlaryň çäginde doly saplanjakdygyny aýtdy.

FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi meselesinde ABŞ bilen gepleşikleriň dowam edýändigini ýatladan Prezident Erdogan Türkiýe bilen ABŞ-nyň jenaýatçylaryň yzyna berilmegi baradaky şertnama laýyklykda Güleniň Türkiýä yzyna berilmelidigini we Türkiýede kaziýet işiniň gozgalmalydygyny belledi.

 



Degişli Habarlar