Erdogan Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarifi kabul etdi

Zarif waka çuňňur gynanç bildirýändigini belledi

551040
Erdogan  Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarifi kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarifi kabul etdi.

Myhman Daşary işler ministri kabul edilşikden soň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen birlikde 15-nji iýul gijesi Fetullahçy terror guramasyna agza huntaçylar tarapyndan bombalanan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine baryp gördi.

Mejlisde şol gije başdan geçirlen wakalary diňlän we şol bir wagtda Mejlisiň bombalanan we ýykylan ýerlerini gören Zarif waka çuňňur gynanç bildirýändigini belledi.

Zarif 100 ýyl ozal Eýranyň Mejlisiniň hem şeýle wakany başdan geçirendigini we şol sebäpli Türkiýäniň ýagdaýyna has gowy düşünýändigini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif Premýer ministr Binaly Ýyldyrym tarapyndan hem kabul edildi.

 



Degişli Habarlar