Çawuşogly Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen duşuşdy

"Eýranyň halky we wekilleri türk halkyna goldaw berýär"

550666
Çawuşogly  Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýa krizisiniň çözülmegi we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Eýran bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdy.

Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Eýran bilen Siriýanyň territorial bitewiligi meselesinde şol bir garaýşa eýedigini aýdan Çawuşogly, Türkiýäniň Siriýada yzygiderli çözgüt üçin Eýranyň oýnaýan roluna uly ähmiýet berýändigine ünsi çekdi.

Çawuşogly “Terror guramalary PKK-nyň, PEŽAK we PÝD-nyň arasynda hiç hili aratapawut ýok we biz şol terror guramalaryny Eýranyň we Türkiýäniň howpsyzlygyna abanýan howp hökmünde görýäris” diýdi.

Myhman Daşary işler ministri Zarif bolsa sözlerine Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyny ýazgarmak bilen başlady.

Zarif; “Huntaçylara berk garşylyk görkezendigi üçin türk halkyny gutlaýaryn. Sebitimiziň halklarynyň şeýle agdarlyşyklara, ynsanlaryň demokratiýa hukuklarynyň ellerinden alynmagyna rugsat bermeýändiklerini görkezdiler. Eýranyň halky we wekilleri türk halkyna goldaw berýär” diýdi.

Elektrik togy, tebigy gaz we energetika pudagynda edilýän hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Zarif, terrora garşy göreşde hem iki ýurduň şol bir garaýşa eýedigini nygtady.

Jewad Zarif Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

 



Degişli Habarlar