PKK-nyň ýolbaşçylaryndan Fehman Hüseýin Siriýada öldürildi

Hasekawi Fehman Hüseýiniň ulagynyň nyşana alynandygyny we Hüseýiniň öldürlendigini aýtdy

526349
PKK-nyň ýolbaşçylaryndan Fehman Hüseýin Siriýada öldürildi

Terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylaryndan “Bahoz Erdal” lakamly Fehman Hüseýin Siriýada öldürildi.

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Siriýanyň hökümetine garşy söweşýän Tel Hamis toparynyň metbugat geňeşçisi Halid Al Hasekawi terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Fehman Hüseýiniň ulagynyň nyşana alynandygyny we Hüseýiniň öldürlendigini aýtdy.

Hasekawi Fehman Hüseýiniň ulagyna düýn sagat 20:30-da Himo etrapçasyndan Kamyşly etrapçasyna tarap barýarka hüjüm guralandygyny belledi.

Fehman Hüseýin bilen birlikde ulagdaky azyndan 8 adamyň öldürlendigini aýdan Hasekawi, wakanyň Siriýanyň we Türkiýäniň halky üçin buşlukly habardygyny nygtady.

Hasekawi terror guramasy PKK-yň Siriýanyň topraklarynda basyp alyjydygyny belledi.

Hasekawi “Siriýanyň hökümetine uly goldaw berýän PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna guralan operasiýany Siriýanyň şehitlerine we Siriýada zindanlarda zuluma sezewar bolýan Siriýanyn halkyna sowgat edýäris” diýdi.

Fehman Hüseýin  köp sanly gan döküşükli hüjümiň jogapkäri hökmünde bilinýärdi.

Fehman Hüseýin İçeri işler ministrligi tarapyndan çap edilen terrorçylaryň sanawynda ýer alýardy.

Mesele hakynda beýanat beren Wise-premýer Weýsi Kaýnak PKK-nyň esasy agzalaryndan biri bolan Bahoz Erdaş lakamly Fehman Hüseýiniň ulagyna guralan hüjümde öldürlendigi habaryny alandyklaryny aýtdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar