Ýyldyrym terror guramalarynyň ýokary akyllaryň hyzmatkäridigini belledi

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym terror guramalarynyň ýokary akyllara hyzmat edýän hyzmatkäridigini mälim etdi

521432
Ýyldyrym terror guramalarynyň ýokary akyllaryň hyzmatkäridigini belledi

Binaly Ýyldyrym resmi sapar bilen Türkiýä gelen Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramany Çankaýa köşgünde resmi dabara bilen garşylady.

Ýyldyrym we Rama duşuşykdan soň metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Premýer ministr Ýyldyrym Russiýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen baglanşykly: “Şu gün we ertir kabul ediljek kararlar bilen Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky krizis ortadan aýyrlar” diýdi.

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama Stambulyň Atatürk howa menzilinde guralan hüjümda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirip: “Şu günki günde Türkiýäni ýasa boganlar hiç haçan bu ýurdyň öňe gitmegine päsgel bolup bilmezler. Adamzat suprasynyň töwereginde ýygnanan adamlar hökmünde biziň öňümizde böwet bolup bilmezler. Hyzmatdaşlygmyzy has ösdürmek üçin ylalaşyk gazandyk” diýdi.



Degişli Habarlar