Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Arslan Panamada saparda bolýar

Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan Panama kanalynyň giňeldilimegi taslamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Panama gitdi

518108
Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Arslan Panamada saparda bolýar

Şu gün geçiriljek dabara Prezident R.T. Erdoganyň adyndan wekilçilik etjek Arslana Kanal Stambul taslamasyny taýarlaýan degişli guramanyň wekilleri ýoldaşlyk eder.

Arslan dabaradan soň Panama kanaly taslamasyny durmuşa geçiren guramanyň wekilleri bilen toparara duşuşyk geçirer.

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Panamanyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi we deňizçilik ugrunda býurokratiýanyň azaldylmagyna garşy “Deňizçilik şertnamasyna” gol çekiler.

Gol çekiljek şertnama laýyklykda taraplar gämi heläkçiliklerinde öz gämilerine döredýän ýeňillikleri beýleki ýurduň gämilerine hem döreder.



Degişli Habarlar