Mardinde we Hakkaride 6 esger şehit boldy

"Halkymyzyň asudalygy we howpsyzlygy üçin terrora garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder”

517352
Mardinde we Hakkaride  6 esger şehit boldy

Mardiniň Derik etrabynda we Hakkaride PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 6 esger şehit boldy

Mardiniň Derik etrabynda PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 esger şehit boly.

Howpsyzlyk güýçleriniň Derikde bir öýe guran operasiýasynda terrorçylar tarapyndan ot açylmagy sebäpli çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda 2 esger şehit boldy.

Sebitde operasiýalar dowam edýär.

Welaýat häkimligi tarapyndan berlen beýanatda Derik etrabynyň Baýyr etrapçasynda ir sagat 06,20-de terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň tussag edilmegi üçin guralan operasiýada terrorçylar tarapyndan howpsyzlyk güýçlerine ot açylandygy nygtaldy.

Açylan ilkinji otda ýaralanan 1 ofiser bilen 1 esgeriň hassahanada berjergi astyna alynandygy emma halas edilip bilinmandigi we şehit bolandyklary nygtaldy.

Beýanatda “Gahryman şehitlerimize Alladan rehnet, maşgalalaryna we halkymyza duýgudaşlyk bildirýäris.  Halkymyzyň asudalygy we howpsyzlygy üçin terrora garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder” diýildi.

Hakkaride guralan terrorçylykly hüjümde hem 4 esger şehit boldy.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan berlen beýanata görä Hakkari-Çukurja gara ýolundaky Çimenli obasynyň golaýynda terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy madda howpsyzlyk güýçleri geçip barýarka ýaryldy.

Hüjümde 4 esger şehit boldy.

 



Degişli Habarlar