“Ybadathanalary nyşana alýan PKK bu toprklara degişli däl”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ybadathanalary nyşana alýan terror guramasy PKK-nyň bu toprklara degişli däldigini nygtady

509041
“Ybadathanalary nyşana alýan PKK bu toprklara degişli däl”

Erdogan Stambulda Birlik gaznasy tarapyndan berilen agzaçarda çykyş etdi.

Döwlet býujetinden siriýaly bosgunlara 10 milliard dollardan gowrak ynsanperwer kömegiň berilendigini bellän Erdogan: “Jemgyýetçilik guramalarymyz, häkimliklerimiz hem azyndan şonça kömek berdi. Näme üçin? Sebäbi milletiň aslynda yslam bar. Sebäbi biziň ynanjymyzda Beren el, alan elden gowudyr düşünjesi, ynanjy bar” diýdi.

Bütin dünýäniň ýüz öwüren, görmediksireýän siriýaly bosgunlara kömek babatynda bütin Türkiýe bolup kömek berilýändigini aýdan Erdogan ony ynanja laýyklykda edýändiklerini belledi.

Erdogan döwlet girdejileriniň Türkiýeden näçe esse köp bolan ýurtlaryň howpsyzlyk çärelerini artdyryp, gapylaryny ýapyp şol adamlaryň ajylaryna ähmiýet bermeýändiklerini, iň bärkisi bosgunlaryň ýanlary bilen getiren zatlaryna hem göz dikilýändigini habar berdi.

Terror guramalary PÝD, ÝPG we DAEŞ-iň Siriýada biri-biri bilen çaknyşýan ýaly görünsede, şol bir maksada gulluk edýändiklerini bellän Erdogan: “Sebitiň halkyna ezýet bermek, sebitiň yslamy şahsyýetini harap etmek babatynda biri-birleri bilen bäsleşýärler. Bize berilen jogaplar bar. Käbir dost ýurtlar PÝD, ÝPG guramalary DAEŞ-e garşy söweşýändikleri üçin olara goldaw berýäris diýýärler. Şony aýdýarsyňyz. Al Nusra hem DAEŞ-e garşy söweşýär. Ony näme üçin dost hökmünde kabul etmeýärsiňiz? Bize görä gowy terrorçy, erbet terrorçy ýok. Terrorçylaryň ählisi erbetdir. Biz waka şolar ýaly garaýarys. Milletimiziň we sebitiň halkynyň mundan beýläk hakykaty görmäge başlandygyna ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar