"Türkiýe siriýaly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň siriýaly doganlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy

506651
"Türkiýe siriýaly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder"
dışişleri bakanı mevlüt cavuşoğlu hatay'da.jpg

Mewlüt Çawuşogly Hataý welaýat häkimliginiň  siriýaly bosgunlar üçin beren agzaçaryna gatnaşdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly agzaçarda Siriýaly bosgunlara Prezident R. T. Erdoganyň we Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň salamyny gowşurdy.

Çawuşogly “Asadyň wezipesinden çekilmegini isleýäris. İnşalla siz hem öýleriňize gaýdyp bararsyňyz we biz size agzaçara geleris. Biz Siriýadan gelen 3 million doganymyzy myhman almakdan hoşal. Biz käbir günbatarly ýurtlar ýaly sizi ýük hökmünde görmeýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar