Gümüşhanede bir esger şehit boldy

Wakada şeýle hem 1 esger agyr ýaralandy

504403
Gümüşhanede bir esger şehit boldy

Gümüşhane welaýatynyň Torul etrabynda harby ulagyň geçýän wagty terrorçylar tarapyndan ýaragly hüjüm guraldy.

Wakada 1 esger şehit boldy, 1 esger agyr ýaralandy.

Ýaralanan esger Gümüşhane döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy.

Beýleki tarapdan Şyrnakda terror guramasyna agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanan wagtlaýyn oba goragçysy şehit boldy.

Merkeze degişli Ýeni Aslanbaşlar obasyndaky Žandarma bölümine terrorçylar tarapyndan granatamýot we uzyn nilli ýaraglar bilen  hüjüm guraldy. Howpsyzlyk güýçleriniň göni garşylyk görkezmegi netijesinde 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hüjümden soň gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebitde howadan goldaw berilmegi bilen giň-germili operasiýa başladyldy.



Degişli Habarlar