Erdogan Ýewropa ýurtlaryny berk tankyt etdi

Prezident Erdogan Bütindünýä Ynsanperwer Maslahatynyň çäginde BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Mun bilen geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda ÝB-niň Türkiýedäki bosgunlar üçin bermegi kepillendiren goldawyny gijikdirmegine reaksiýa bildirdi

497162
Erdogan Ýewropa ýurtlaryny berk tankyt etdi

Erdogan: “Türkiýe ýagşylyga garaşmaýar. Ony aç-açan aýtdym. Biz dogruçyllyga garaşýarys” diýdi.

Wiza erkinligi üçin goýulan terrorçylyga garşy göreş kanunyna üýtgetme girizilmegi baradaky şerte-de garşylyk görkezen Erdogan: “Türkiýä entegem şert goýýarsyňyz, gaty görmäň. Oňa belli bir ýere çenli çydam ederis. Soň Türkiýe ahyrky kararyny berer. Ahyrky kararyny berenden soň galanyny siz pikir ediň” diýdi.

Şertleriň goýulmagy boýunça Türkiýäniň ministrler derejesinde ÝB-niň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirjekdigine ünsi çeken Erdogan: “Şol gepleşiklerde netije alynman halatynda Türkiýäniň mejlisinden bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky şertnamanyň iş ýüzüne geçirlmegi barada karar, kanun çykmaz. Bize ýöne şert goýup durmaň, bärsi Türkiýe” diýdi.

Erdogan sözi wiza erkinligi boýunça bar bolan iki standartlylyga getirip: “Latyn Amerikadan wiza soralýarmy? Olar arkaýyn gelýärler, wizasyz ÝB-ne agza ýurtlara girýärler. Türkiýeden näme üçin wiza soraýarsyňyz” diýdi.

 



Degişli Habarlar