DAEŞ-e garşy göreşde 27 terrorçy öldürildi
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri gaubisalar we toplar bilen DAEŞ-iň ýerlerini nyşana aldy
![DAEŞ-e garşy göreşde 27 terrorçy öldürildi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/6b11/0cb4/d5b6/57394cbc97278.jpg?time=1718706708)
Siriýadaky terror guramasy DAEŞ-iň ýerlerine garşy Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gury ýerden, hyzmatdaş güýçleriniň bolsa howadan guran operasiýalarynda 27 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Terror guramasy DAEŞ-iň Halapyň demirgazygyna hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklandy.
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri gaubisalar we toplar bilen DAEŞ-iň ýerlerini nyşana aldy.
Hyzmatdaş güýçleri hem 3 aýry howa hüjümi gurady.
Operasiýalaryň barşynda terror guramasyna degişli 5 sany goranyş liniýasy we 2 sany ýarag liniýasy ýok edildi.
Oppozisioner toparlaryň DAEŞ-e garşy hüjümlerinde hem guramanyň gözegçiligi astynda bolan Faýdiýuah, Şeýh Rih we Tel Hyşh sebitleri basylyp alyndy.
Degişli Habarlar
![Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e0cb/10b5/a712/66713b2bde92e.jpg?time=1718706709)
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi