Erdogan ÝB-ni tankyt etdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň Birleşmeler we biržalar bileleşiginiň baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy

488385
Erdogan ÝB-ni tankyt etdi

Prezident Erdogan ÝB-den bosgunlar üçin beriljek maliýe kömegi barasynda: “Entegem “Taslama ugradyň, size serişde ugradaly” diýýärler. Bu, halkyň asylzadalygyna äsgermezçilik etmeklikdir. Size äsgermezçilik etdirmeris” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň Birleşmeler we biržalar bileleşiginiň (TOBB) Ekiz minaralarda geçirilen “TOBB-yň 72-nji sessiýasynyň Abraýly hyzmat şahadatnamasynyň gowşurlyş dabarasyna” gatnaşdy.

Prezident Erdogan ol ýerde sözlän sözünde häzirki pursatda ykdysadyýetde hiç hili kynçylygyň bolmandygyny, emma bar bolan kanagatlanylmaly däldigini, maliýe we bankçylyk ulgamynyň bolsa telekeçileri goldamalydygyny aýtdy.

Türkiýäniň bosgunlar üçin ähli kömegi berýändigine ünsi çeken Erdogan, Türkiýede häzirki wagtda 25 sany lageriň bardygyny, 3 million bosguna halkyň seredýändigini, ÝB-niň ýylda 3 milliard ýewro kömek sözüni berendigine garamazdan entegem oýnama usulyna ýüz urýandygyny beýan etdi.

ÝB-nin wiza erkinligi üçin goýan şertleriniň bardygyny ýatladan Erdogan: “Terrorçylyga garşy göreş kanunynyňyzy üýtgediň” diýdiler. Bize şeýle akyl berenler ilki Ýewropada parlamentiň öňünde terrorçylaryň guran çadyryna näme üçin ýol berdiler? İlki şonuň jogabyny bersinler. Kamikaze hüjümçileri üçin paýtagtyna çadyr gurduryp, terrorçylary başlaryna täç edinýärler, terror guramalarynyň arasyna tapawut goýýarlar. Şeýle düzgünnamanyň Türkiýede-de kabul edilmegini isleýän bolsalar garaşmasynlar. Türkiýe olaryň edişi ýaly terrora we terrorça gujak açmaz” diýdi.

ÝB bilen wiza erkinligi barada ylalaşyk gazanylandygyny ýatladan Erdogan: “Men ozal beren sözlerinden tapylarlar diýip tama edýärin we giç bolanda oktýabr aýynda bu iş tamlansyn. Häzir tamamlasalar “Düşümli bolsun” diýeris. Beýle ulaltmalyň. Biz ýolumyzy şu günki güne çenli wiza bilen dowam etdirmedik. Ozalkysy ýaly dowam ederis. Bularyň ählisiniň çykalgasy bar. Dik durarys, egilmeris” diýdi.

Terrorçylyga garşy göreş barada-da durup geçen Erdogan: “Biz bu topraklary watan edinmek üçin jerimesini töleýäris, aýrylmaga söz berenler, baş üstüne isleýän ýerlerine gitsinler” diýdi.

 



Degişli Habarlar