Ysraýylyň Günbatar Şeriada 2340 gekdarlyk ýeri döwlet eýeçiligine geçirmegi ýazgaryldy

Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş ýerlerini gurýandygy bellenildi

452361
Ysraýylyň Günbatar Şeriada 2340 gekdarlyk ýeri döwlet eýeçiligine geçirmegi ýazgaryldy

Türkiýe Ysraýylyň Günbatar Şeriada 2340 gekdarlyk ýeri döwlet eýeçiligine geçirmegini ýazgardy.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Ysraýylyň Günbatar Şerianyň Eriha şäherinde 2340 gekdarlyk ýeriň döwlet eýeçiligine geçirilmegi baradaky kararyny berk ýazgarýarys" diýildi.

Beýanatda Ysraýylyň Günbatar Şeriany 1967-nji ýyldan bäri basyp alyşlyk astynda tutýandygy nygtaldy we Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş ýerlerini gurýandygy bellenildi.

Beýanatda şeýle hem Ysraýylyň sebitde yzygyderli parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ýeke-täk ýoly bolan iki döwletli çözgüt tagallalaryny bökdemekden ýüz öwürmegi barada duýduryş berildi.



Degişli Habarlar