Agry welaýatynda 23 gaçgak tussag edildi

Gaçgaklaryň geçendigi barada maglumat alan Içeri işler müdürliginiň işgärleri Eleşkirt ýolunda awtobuslaryň birini saklady

449873
Agry welaýatynda 23 gaçgak tussag edildi

Türkiýäniň Agry welaýatynyň Eleşkirt etrabynda Türkiýä bikanun ýollar bilen giren pakistanly we owganystanly 23 gaçgak tussag edildi.

Gaçgaklaryň geçendigi barada maglumat alan Içeri işler müdürliginiň işgärleri Eleşkirt ýolunda awtobuslaryň birini saklady.

Awtobusda Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa geçmek üçin öz ýurtlaryndan gaýdan 1-i zenan bolan 23 adamyň bardygy anyklandy.

Etrabyň Içeri işler müdürliginde sorag-jogap edileninden soň gaçgaklar Agry welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň Daşary ýurtlylar bölümine ugradyldy.



Degişli Habarlar