Ankarada guralan terrorçylykly hüjüm...

Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysynyň kömekçisi Ibrahim Kalynyň “Dali Sabah" gazetinde berlen makalasy

436262
Ankarada guralan terrorçylykly hüjüm...


Halkara jemgyýetçiligi soňky 4 ýylyň dowamynda Siriýanyň halkyny gorap bilmedi we 21-nji asyryň iň uly söweşine we adamzat krizisine sebäp boldy. DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde terror guramalaryna aýlawly ýollardan goldaw berenler krizisiň has-da çykgynsyzlaşmagyna sebäp boldylar.

Ankarada 17-nji fewralda guralan terrorçylykly hüjümde 28 adam ýogaldy we 60-dan gowrak adam hem ýaralandy. Türkiýe 1980-njy ýyllardan bäri PKK-a bilen birlikde beýleki terror guramalaryna garşy göreşýär. Emma 17-nji fewralda guralan hüjümden soň PKK bilen onuň Siriýadaky bölümi Demokratik Bileleşik partiýasy PÝD we ýaragly topary ÝPG-ä garşy berk tutum alnyp barylar. Mundan başgada Ankaranyň Siriýa söweşi baradaky tutumyna hem täsirini ýetirer.

Ankaradaky hüjüm ÝPG tarapyndan guraldy. Hüjümçi Salih Nažar 2014-nji ýylda Türkiýä PÝD-niň gözegçiligi astyndaky Haseke-Kamyşly etrabyndan girýär. Bu hüjüm PKK-ny hem öz içine alýan terror guramasy bolan KJK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, gurama garşy türk Jizre, Silopi, Sur we Nusaýbin etraplarynda guralýan howpsyzlyk operasiýalaryna garşy Türkiýäniň uly şäherlerinde terror guramasy PKK-nyň hüjüm gurap biljekdigi hakyndaky jedelleşiklerden soň guraldy.

PKK soňky 2 aýda 1000-e golaý agzasyny ýitirdi. Guramanyň çäginde iş alyp barýan toparlardan biri şuňa meňzeş kamikaze hüjümleriň guralmagy üçin çagyryş berdi. Başga bir topar bolsa bu pikire garşy çykdy. Kamikaze hüjüminiň PKK-ny DAEŞ meňzeş gurama ýagdaýyna getirjekdigini we gurama ýaramaz täsirini ýetirjekdigini nygtady.

Ankaradaky hüjümçi Siriýanyň Amude şäherinde dünýä inýär. Amude şäherinde PÝD-li we ÝPG-li terrorçylaryň Türkiýä garşy söweş yglan edendigi hakyndaky habarlary hem ýatdan çykarmaly däl. Hüjümden bir hepde ozal 10-njy fewralda ýaýlyma berlen wideoda, guramanyň agzalary “Biz Amudeniň halky hökmünde halkymyzyň hukuklaryny gorarys we Türkiýede iş alyp barýan PKK-a goldaw bermäge dowam edýäris. Günbatar we Demirgazyk Kürdistanda ýaşaýan halklarymyz bilen birlikde Prezident R. T. Erdogany öz gany bilen bogarys" diýilýär".

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen şol beýanatdan soň KJK-niň ýolbaşçylaryndan Murat Karaýylan hem Ankaradaky bombaly hüjüm Türkiýäniň PKK-a we Siriýanyň Azez etrabynda ÝPG degişli ýerlere guraýan operasiýasyna garşydygyny aýdypdy.

Bu hüjüm Türkiýäniň hem Türkiýede hem-de Siriýada terrora garşy göreşiniň ugryny üýtgetmegine sebäp bolup biler. Ýolbaşçylar Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň depgininiň has-da güýçlenjekdigini isle Türkiýede isle Siriýada ýada Demirgazyk Yrakdaky Kandil dagynda bolsunlar hökmany suratda terrorçylaryň ýok edilmegi üçin kasam etdiler.

Beýleki tarapdan ÝPG Siriýadaky söweşden ýerlikli peýdalanmaga dowam edýär. ÝPG, DAEŞ-e garşy göreş ady bilen şol bir wagtda hem ABŞ, hem Russiýa hem-de Siriýanyň hökümeti üçin esasy gurama hökmünde hereket edýär. Ruslaryň howa goldawy we ABŞ-nyň ýarag goldawyny bermegi sebäpli ÝPG Siriýada oppozision toparlaryň gözegçiligi astyndaky etraplara tarap barýar. Siriýanyň hökümeti Siriýanyň demirgazygyndaky ÝPG-ä ýarag we ok däri kömegini berýär.

Russiýadan we Eýrandan goldaw berýän Siriýanyň hökümeti Siriýanyň halkyna garşy söweşmäge dowam eder we bu hem has köp ganyň dökülmegine we has köp adamyň ýerini ýurduny terk etmegine sebäp bolar.

Halkara jemgyýetçiligi soňky 4 ýylyň dowamynda Siriýanyň halkyny gorap bilmedi we 21-nji asyryň iň uly söweşine we adamzat krizisine sebäp boldy. DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde terror guramalaryna aýlawly ýollardan goldaw berenler krizisiň has-da çykgynsyzlaşmagyna sebäp bolmaga dowam edýär.



Degişli Habarlar