Parlament saýlawlarynyň ýeňijisi Ak partiýa boldy

Ak partiýa 49,4 göterimlik ses mukdary we 317 halk deputaty bilen ýekelikde häkimiýete eýe boldy

362198
Parlament saýlawlarynyň ýeňijisi Ak partiýa boldy

Ak partiýadan soň 25,3 göterimlik ses mukdary bilen Respublikan halk partiýasy, 11,8 ses mukdary bilen Milletçi hereket partiýasy, 10,7 göterimlik ses mukdary bilen Halklaryň demokratik partiýasy gelýär.
Ak partiýa 7-nji iýundaky saýlawa görä mejlisdäki halk deputatlarynyň sanyny 59 artdyryp 258-den 317-ä ýetirdi.
Respublikan halk partiýasy bolsa halk deputatlarynyň sany 2 artdyryp 134-e ýetirdi.
Anyk bolmadyk netijelere görä Milletçi hereket partiýasy 40, Halklaryň demokratik partiýasy bolsa 59 halk deputaty bilen mejlisde wekilçilik ediler.
Halklaryň demokratik partiýasyndan 18, Milletçi hereket partiýasyndan 36, Respublikan halk partiýasyndan bolsa 4 halk deputatlygy Ak partiýa geçdi.
Ak partiýanyň halk deputatlarynyň sany esasan Stambul şäherinde artdy. Stambul boýunça 39 halk deputaty bolan Ak partiýanyň halk deputatlarynyň sany şu saýlawda 46-a ýetdi.
Ak partiýa 7-nji iýunda halk deputatyny eýeläp bilmedik Agry we Ygdyr welaýatlaryndan hem bir kürsi eýelemegiň hötdesinden geldi.
Respublikan halk partiýasy bolsa halk deputatlarynyň sany 2 artdyryp 134-e ýetirdi.
Respublikan halk partiýasy Ak partiýa aldyran 4 halk deputatlygynyň öwezine Milletçi hereket we Halklaryň demokratik partiýalarynyň her haýsyndan 3 halk deputatlygyny aldy.
Milletçi hereket partiýasy 7-nji iýundaky saýlawda alan 16,29 ses mukdaryny 11,95-e düşürip, 39 halk deputatlygyny elden giderdi.
Ses mukdary 13,12-den 10,67-ä düşen Halklaryň demokratik partiýasynyň halk deputatlarynyň sany 80-den 59-a düşdi.
Halklaryň demokratik partiýasy 19 saýlaw okrugynda 21 halk deputatlygyny elden giderdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar