Daşary ýurda gitmek islän 212 bosgun tussag edildi

Türkiýäniň Kojaeli, Kyryklareli we Wan welaýatlarynda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän 212 adam tussag edildi

399659
Daşary ýurda gitmek islän 212 bosgun tussag edildi

Kojaeli welaýatynyň Göljük etrabynda şübhe astynda bolan 3 mikroawtobus polis işgärleri tarapyndan yzarlandy.
Saklanan ulaglar gözegçilik edilen wagty aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat bolan we Ýewropa gitmek islän owganystanly 90 adamyň bardygy anyklandy.
Kyryklareli welaýatynyň Kofçaz we Demirköý etraplarynda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän yrakly, owganystanly we siriýaly 47 bosgun tussag edildi.
Waka bilen baglanşykly 4 adam göz tussaglygyna alyndy, operasiýanyň barşynda 2 mikroawtobus we 1 ulag ele salyndy.
Göz tussaglygyna alynan adamlara garşy kazyýet işi gozagaldy. Bosgunlar bolsa häzirki wagtda öz ýurtlaryna ugradylmak üçin garaşdyrylýar.
Howpsyzlyk işgärleri Wan welaýatynyň Başkale etrabynda Türkiýe-Eýran serhedinde ençeme adamdan yabarat bolan toparyň bardygyny anyklady.
Sebitde geçirilen operasiýada bikanun ýollar bilen Türkiýe geçmek islän owganystanly 75 gaçgak tussag edildi.
Saglyk gözegçiliginden geçirilen gaçgaklar Wan welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň Daşary ýurtly raýatlar bölümine ugradyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar