2 polis şehit boldy

Polis topary nyşana alyndy

348792
2 polis şehit boldy

Şyrnak-Uludere gara ýolunyň ugrunda gözegçiligi üpjün edýän polis toparyna  garşy sagat 05:30 töweregi terrorçylar bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm gurady.
Bombaly hüjümden soň terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.
Çaknyşykda 2 polis şehit boldy, 5 polis ýaralandy.
Hüjümden soň gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy.
Operasiýalarda hüjümi guran 2 terrorçynyň öldürlendigi nygtalýar.
Beýleki tarapdan Diýarbakyryň Sur etrabynyň käbir etrapçalarynda terrorçylykly hüjümler sebäpli köçä çykmak gadagan edildi.
Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda bolsa terror guramasy PKK-a agza 1 adam boýun egdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar