Diýarbakyrda polislere hüjüm guraldy
Hüjüm sebäpli jemi 2 adam ýogaldy
386460
Diýarbakyrda naharhanada nahar iýýän polisiýa işgärlerine garşy guralan hüjümde jemi 2 adam ýogaldy.
Düýn irden Diýarbakyr şäherinde naharhanada çorba içip oturan polislere terrorçylar tarapyndan hüjüm guraldy.
Hüjümde 3 polis işgäri bilen birlikde asuda ilatdan 3 adam ýaralandy.
Hüjümde ýaralanan 66 ýaşly adam bejergi alýan hassahanasynda ýogaldy.
Kellesinden ýaralanan 22 ýaşly naharhananyň işgäri bolsa wakanyň bolan güni hassahanada ýogalypdy.
Ýaralanan 3 polisiň we ýene-de 1 adamyň hassahanadaky bejergileri dowam edýär.