Daşary ýurtlarda berlen sesleriň sany 1 milliondan geçdi

Türk raýatlary 7-nji iýunda geçiriljek saýlawlar üçin ses berdi

299564
Daşary ýurtlarda berlen sesleriň sany 1 milliondan geçdi

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler 7-nji iýunda geçiriljek saýlawlar üçin ses berdi.
Türk raýatlary 54 ýurtda 112 wekilhanada ses berdi.
Daşary ýurtlarda berlen sesleriň sany 1 milliondan geçdi.
Ýewropada saýlawyň soňky gününde saýlawçylar ses bermek üçin nobata durdy.
Belgiýada bellige alynan 131 müň saýlawçynyň 1/3 bölegi ses berdi.
Germaniýada 480 müň türk raýatynyň ses berendigi nygtalýar.
Awstriýada, Azerbaýjanda, Ukrainada, Kanada, İordaniýada ýaşaýan türk raýatlary ses bermek üçin nobata durdylar.
Daşary ýurtlarda berlen sesler partiýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkiýä getirler we Ýokary saýlaw geňeşine tabşyrlar.
Gümrük geçelgelerinde bolsa saýlaw 7-nji iýuna çenli dowam eder.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar