Çawuşogly: "Siriýalylary kabul etmek ynsanperwerlik borjy"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýada dowam edýän çaknyşyklardan gaçan iki million siriýalynyň Türkiýede ýaşaýandygyny aýtdy

261723
Çawuşogly: "Siriýalylary kabul etmek ynsanperwerlik borjy"

Antalýada geçirilen çärelerden birine gatnaşan Çawuşogly ýurtlaryny terk etmäge mejbur bolan siriýalylaryň ölümden we terror guramasyndan gaçyp Türkiýä sygynandyklaryny ýatladyp, olaryň döwlet býujetine 6 milliard dollar çykdajy getirýändigini nygtady.
Türkiýä sygynanlara el uzatmagyň ynsanperwerlik borjudygyna ünsi çeken ministr Çawuşogly: “Somalidäki açlary görmesek, Arakanda zulum çekýänleri görmezek, türklügimizden, adamkärçiligimizden, musulmanlygymyzdan utanalyň” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar