Daşary işler ministrligi beýanat berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç Siriýa meselesi babatynda beýanat berdi

289811
Daşary işler ministrligi beýanat berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç Siriýanyň Idlib şäheriniň gözegçiliginiň oppozisionerlere geçmegi üçin Türkiýeden köp sanda ýaragly toparlaryň söweşe gatnaşandygy baradaky habarlaryň ýalandygyny aýtdy.

Bilgiç Siriýanyň hökümeti tarapyndan berilen bu habarlaryň esassyzdygyny nygtady.

Bilgiç Idlib şäheriniň gözegçiligini Azat Siriýa goşuny bilen beýleki oppozisioner toparlaryň bilelikde ele geçirendigini ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar