Döwlet Bahçeli MHP-niň başlyklygyna ýaňadandan saýlandy

1149 ses alan Bahçeli 7-nji gezek başlyklyga saýlandy

275246
Döwlet Bahçeli MHP-niň başlyklygyna ýaňadandan saýlandy

Milletçi hereket partiýasynyň gurultaýy Ankara Arena sport desgasynda geçirildi.
Gurultaýda 1160 delegat partiýanyň başlygyny saýlamak üçin ses berdi.
Gurultaýda ýeke-täk dalaşgär bolan Bahçeli 1149 ses bilen ýaňadandan partiýanyň başlyklygyna saýlandy.
Gurultaýda partiýanyň umumy saýlawyň kampaniýalaryndan ulanjak aýdymlary hem ilkinji gezek ýerine ýetirildi.
Sesleriň berilmeginden ozal gurultaýda çykyş eden Bahçeli, jebisligiň we agzybirligiň ähmiýetini nygtady.
Bahçeli “Nowruz baýramynyň täze gözellikleriň habarçysy bolmagyny arzuw edýärin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar