Somaliniň Halkara hyzmatdaşlyk ministri Türkiýede

Said Abdullah Mohammed Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz bilen duşuşdy

166148
Somaliniň Halkara hyzmatdaşlyk ministri Türkiýede


Somaliniň Halkara hyzmatdaşlyk ministri Türkiýede saparda bolýar.
İş sapary bilen Türkiýä gelen Somaliniň Halkara hyzmatdaşlyk ministri Said Abdullah Mohammed Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz bilen duşuşdy.
Galkynyş ministri Ýylmaz duşuşykda Türkiýe hökmünde Somala goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
Jewdet Ýylmaz Türkiýäniň soňky 12 ýylda möhüm kanuny üýtgetmeleri kabul edendigini we tejribelerini Somalililer bilen paýlaşmak isleýändiklerini aýtdy.
Galkynyş ministri Ýylmaz strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Somalynyň ösüşine uly goşant taýardyklaryny ýatlatdy.
Myhman ministr Said Abdullah Mohammed hem Somali bilen
Türkiýäniň galkynyş strategiýasy taýdan birlikde işleşmelidigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar