Çawuşogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Çawuşogly kärdeşlerine sebitde howpsyzlyk taýdan başdan geçirilýän wakalar hakynda maglumat berdi

151349
Çawuşogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Daniýanyň Daşary işler ministri Martin Lidegaard, Awstriýanyň Daşary işler ministri Sebastian Kurz we Gollandiýanyň Daşary işler ministri Franz Timmermans bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Mewlüt Çawuşogly kärdeşleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde sebitde howpsyzlyk taýdan başdan geçirilýän wakalar bilen aktual meseleler hakynda maglumat berdi.
Çawuşogly kärdeşlerine Yrak we Siriýa taýdan abanýan howplaryň birlikde analiz edilmelidigini we howplara garşy göreşiň giň gerimli strategiýany öz içine almalydygyny gürrüň berdi.
Daşary işler ministri Çawuşogly kärdeşlerine Türkiýäniň berýän ynsanperwer kömekleri barada hem maglumat berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar